Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda ýagyşdan soňky ýagyn suwlary, läbige çümen köçeler arassalanmaýar


Lebap welaýatyndaky käbir etraplarda güýçli ýagan ýagyşyň yzýany, köçelerde ýagyn suwlary ýygnandy.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýagyşdan soňky ýagyn suwlary, läbige çümen köçeler arassalanmaýar. Bu ýaşaýjylara dürli kynçylyklary döredýär diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri aýdýar.

“Soňky hepdelerde Türkmenabatda örän gar, ýagyşly howa boldy. Mundan 2-3 gün öň ýene ýagyş ýagdy. Köçelere ýagyndan soňky suw ýygnanyp, hemme ýer laý, palçyga çümdi. Batgadan, suwdan ýaňa ýörär ýaly däl. Muny esasan şäheriň etrapçalarynyň içindäki kiçi köçelerde we çetki etraplarda görse bolýar” diýip, anonim şertde habarlaşan habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, köçelerde ýagyn suwunyň ýygnanmagy netijesinde käbir ýaşaýyş jaýlarynyň içine hem girip bolmaýar. Şeýle-de, käbir hususy eýeçilikdäki howly jaýlary çyg çekip başlady .

“Käbir köçeleriň fundamenti bilen deň derejede bolan jaýlaryň diwarlaryny çyg çekýär. Bu bolsa jaýyň içiniň nemli bolmagyna, şeýle-de jaýyň zaýalanyp başlanmagyna getirdi. Nemden ýaňa bu jaýlaryň içinde oturar ýaly däl” diýip, habarçy belledi.

Habarçy bularyň ählisine köçeleriň öz wagtynda arassalanmazlygynyň we bejerilmezliginiň, şeýle-de ýagyn suwlarynyň akyp gitmegi üçin ýörite aryklaryň göz öňünde tutulmazlygynyň sebäp bolýandygyna ünsi çekýär.

“Adamlar assenizatorlary, ýagyş suwuny sorup alýan ýörite ulaglary çagyrýarlar. Olar köplenç gelmeýär. Ýöne şol ulaglar gelip, ýagyn suwlaryny arassalandan soňra-da köçelerde laý, batgalar galýar. Sebäbi köçelere asfalt doly guýulmadyk. Galyberse-de, öňler köçelerde ýagyn suwuny akdyrmak üçin niýetlenen ýörite aryklar bardy. Häzir köçeleriň köpüsinde şol aryklar ýok. Käbirinde bar bolsa-da, olar zir-zibilden ýa-da başga zatdan doly. Olary-da arassalamaýarlar” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, lebaplylaryň köçeleriň netijeli bejerilmegi we ýagyn suwlarynyň arassalanmagy dogrusynda ýerli häkimliklere eden ýüzlenmeleri hem häzirlikçe netije bermän gelýär.

Türkmenistanyň gündogar welaýatynda, şol sanda türkmen paýtagtynda we beýleki sebitlerinde ýagyş ýagandan soň köçelerde ýagyn suwlarynyň ýygnanmagy, olaryň öz wagtynda arassalanmazlygy bilen bagly ýagdaýlar wagtal-wagtal gaýtalanýar.

Geçen ýylyň maý aýynda birnäçe günläp ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, Aşgabadyň merkezi köçelerini, şol sanda Türkmenbaşy şaýolyny we bu ýerde ýerleşýän binalary ýagyş suwy basypdy.

2016-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň ençeme welaýatynda yzygiderli ýagyş ýagdy. Şonda ýagyn suwlary diňe ilata däl, eýse ekin meýdanlaryndaky pagta, gök-bakja ekinleri ýaly hasyllara hem ýaramaz täsir ýetiripdi.

Ýerli synçylaryň pikirine görä, Türkmenistanda güýçli ýagyndan soň suwuň ýygnanmagynyň sebäpleri ýollaryň, köçeleriň, binalaryň we desgalaryň gurluşygyndaky näsazlyklar bilen bagly bolmagy mümkin.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda ýagyşdan soňky ýagyn suwlary, olaryň ekin meýdanlaryna we ilata ýetirýän täsirleri barada adatça habar berilmeýär.

Maglumat üçin aýtsak, 11-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Farap, Saýat we Sakar etraplarynda 3 gradus ýagyşly howanyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada howa maglumatlary barada habar berýän AccuWeather websaýtynda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG