Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus lideri Orsýete energiýa dawasynda öz ýaranyny ýitirjegini duýdurýar


Prezident Aleksandr Lukaşwenka

Belarusyň lideri, eger Moskwa gaz bahalarynyň öwezine kompensasiýa bermegi başarmasa, Orsýetiň öz ýaranyny ýitirip biljegini duýdurdy.

"Eger-de Orsýetiň ýolbaşçylary şeýle ýodany we özleriniň Günbatar tarapdaky ýeke-täk ýaranlaryny ýitirmegi saýlap alsalar, bu olaryň öz seçgisi” diýip, Belarusyň döwlet eýeçiligindäki BelTA habar gullugy prezident Aleksandr Lukaşwenkonyň 10-njy ýanwarda aýdan sözlerini sitirledi.

Bu sözler iki goňşynyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň energiýa dawasy üstünde sowaşan wagtyna gabat gelýär.

Belarus Orsýetiň nebit önümlerini uzak wagt bäri ýeňledilen bahadan satyn alyp, olary gaýtadan eksport etmekden peýda görüp gelýär. Emma Orsýet indi, öz ykdysady ýüküni ýeňletmek üçin, satýan çig nebitini has gymmat bahalamagy planlaşdyrýar.

Belarus Moskwanyň planlarynyň Minskiniň gelýän alty ýylda ýylda 11 milliard dollar girdejisini kemeltjegini aýdyp, kompensasiýa teklip edilmegine çagyrýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG