Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda türkmenistanly studenti talan topar tussag edildi


Täjigistanda bäş adamdan ybarat bir topar tarapyndan talanan türkmenistanly student Ahun Myradow. “Tajikistan HD” döwlet telekanalynyň YouTube saýtyndaky sahypasyndan alnan surat.

Täjigistanda bäş adamdan ybarat bir topar türkmenistanly studenti talady. Bu toparyň Täjigistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan tussag edilendigini, täjik telewideniýesi habar berýär.

“Tajikistan HD” döwlet telekanalynyň 9-njy ýanwarda YouTube saýtyndaky sahypasynda çap edilen wideo-maglumatda aýdylmagyna görä, bu talaňçylyk geçen ýylyň 26-njy dekabrynda täjik paýtagty Duşenbäniň golaýyndaky Rudaki sebitinde boldy.

Habarda bäş adamyň Duşenbäniň Pedagogika döwlet uniwersitetinde 1-nji kursda okaýan türkmen studenti Ahun Myradowa topulandygy we onuň gapjygyny ogurlap, wakanyň bolan ýerinden gaçyp gidendigi aýdylýar.

Şonda Myradowyň gapjygynda 700 amerikan dollary we 70 somoni (ortaça 10 amerikan dollary) möçberinde pul serişdesiniň, şeýle-de bir sany plastik bank kartyň bardygy bellenilýär.

Täjik polisiýasynyň toparyň bäş agzasyny anyk haýsy senede tussag edendigi aýdyňlaşdyrylmaýar. Emma tussag edilen Nasreddin Zafarhonyň, Şamseddin Şahiniň, Muradow Şahiniň, Mirziýoýew Suhaýliniň we Badalow Ruslanyň Duşenbäniň Dangara sebitiniň ýaşaýjylarydygy maglumatda aýdylýar.

Wideo habarda türkmen studentini talan toparyň agzalarynyň täjik polisiýasyna wakanyň nähili bolandygyny gürrüň berýän pursatlary görkezilse-de, hadysanyň öňünden planlaşdyrylandygy ýa-da planlaşdyrylmandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Maglumatyň ahyrynda bu waka boýunça derňew işleriniň dowam edýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň metbugatynda, adat bolşy ýaly, Täjigistanda okaýan türkmen studentiniň başdan geçiren bu hadysasy barada maglumat göze ilmeýär.

Täjigistan türkmen studentleriniň bilim almak üçin köp barýan ýurtlarynyň biri hasaplanylýar we bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda müňlerçe türkmenistanly student okaýar.

Azatlyk Radiosy Täjigistanda okaýan türkmen studentleriniň plastik bank kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda başdan geçirýän kynçylyklary, şeýle-de bu ýurtda ters täleýe uçran türkmenistanlylar barada wagtal-wagtal habar berýär.

Geçen ýylyň 10-njy dekabrynda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň administratiw merkezi Bohtar şäherinde ýol hadysasy zerarly türkmenistanly student wepat boldy.

Hatlon welaýatynyň kanun goraýjy edaralarynyň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren maglumatyna görä, Merdan Haýdarow ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgäriniň awtoulagy tarapyndan kakylypdyr.

Türkmenistanyň Mary welaýatyndan bolan student Bohtar şäheriniň döwlet uniwersitetiniň himiýa we biologiýa fakultetiniň 2-nji kursunda okaýardy.

Şu okuw ýylynyň başynda Täjigistanda bilim alýan ýa-da täze okuwa giren türkmen studentleri Türkmenistanyň daşyna çykmakda dürli kynçylyklara duçar boldular.

​Awgust aýyndan başlap Duşenbäniň we Täjigistanyň beýleki şäherleriniň okuw jaýlarynda okaýan ýa-da okuwa giren türkmen studentleriniň ýüzlerçesi serhetden geçirilmedi. Türkmenistanyň serhetçileri bu gadagançylygyň sebäplerini düşündirmediler.

Geçen ýylyň iýun aýynyň ortasynda Täjigistanda okaýan türkmen studentleri öz kartlaryndaky maliýe serişdelerini ne nagtlaşdyryp bilýändiklerini, ne-de beýleki bank amallaryny amala aşyryp bilýändiklerini Azatlyga gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG