Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Merkel Siriýa tagallalaryny utgaşdyrýar, Türkiýe kürtleri aýamajagyny duýdurýar


German kansleri Angela Merkel

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we german kansleri Angela Merkel telefonda gürleşip, Siriýadaky parahatçylyk tagallalaryny utgaşdyrmak ylalaşygyna geldi diýip, Kreml habar berýär.

"Siriý krizisini uzagyndan çözmek maksady bilen, Birleşen Milletler guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk esasynda syýasy prosesi ilertletmek islegi bildirildi” diýip, Kreml 9-njy ýanwarda aýtdy.

Merkel we Putin Siriýa üçin konstitusiýa komitetini döretmek maslahatyny etdi, bu komitet uruşdan tozan ýurt üçin täze konstitusiýany işläp düzmek üstünde işlär. Bu meseleler iki lideriň dekabryň aýagyndaky telefon gürrüňinde we oktýabrda Stambulda, Orsýetiň, Germaniýanyň, Türkiýäniň we Fransiýanyň gatnaşmagynda geçirilen sammit mahalynda hem ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Soňky bolan söhbetdeşlik Birleşen Ştatlaryň öz goşunlaryny Siriýadan çykarmak planlary barada gelen kararynyň döreden sowallarynyň arasyna gabat geldi. ABŞ Siriýada “Yslam döwleti” toparynyň terrorçylaryna we aýratynlykda prezident Başar al-Assadyň hökümet güýçlerine garşy söweşýän arap we kürt ýaranlyklarynaýardam berýärdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 19-njy dekabrda “Yslam döwletiniň” garşysyna alnyp barlan söweşlerde “taryhy ýeňişler gazanylandan soň”, amerikan esgerleriniň ählisiniň yzyna” “öýlerine dolanyp gelýändiklerini” yglan etdi.

Bu habar ABŞ kanun çykaryjylarynyň we halkara ýaranlarynyň köpüsini aňk etdi, olar Siriýadan goşun çykarardan entek irdigini, beýle edilmeginiň ýeňşi Orsýetiň we Eýranyň eline tutdurmak boljakdygyny, şeýle-de ABŞ-nyň Siriýadaky kürt ýaranlarynyň ol ýerde hereket edýän türk goşunlarynyň eline galjakdygyny aýdyp, aladalaryny bildirdiler.

Bu aladalardan soň, Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton 6-njy ýanwarda çykyp gürläp, ABŞ-nyň Siriýadan goşun çykarmak kararynyň Türkiýäniň Siriýadaky kürtleriň howpsuzlygyna kepil geçmegi bilen şertlendirilendigini aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 9-njy ýanwarda, Yraga öňünden yglan edilmedik sapary mahalynda, Siriýada ABŞ goldawyny alýan kürt söweşijilerine olaryň howpsuzlygynyň ABŞ bu ýerden goşun çykarandan soň hem kepillendirilendigini ynandyrmaga synandy.

"Ol adamlar biz bilen bile durup söweşdiler, onsoň biziň özümiz bilen bile durup söweşen adamlaryň goragyny kepillendirmek üçin ähli zady etmegimiz möhüm” diýip, Pompeo Bagdatdaky gepleşiklerden soň Erbile, Kürdüstenawtonom regionynyň paýtagtyna eden sapary mahalynda Siriýadaky kürtleri nazarda tutup aýtdy.

Türkiýe ol ýerdäki kürt söweşijileriniň köpüsini Türkiýedäki seperatist kürtler bilen gatnaşykda bolmakda aýyplap, ABŞ-nyň 2 müň harbysy bu ýerden çykanyndan soň, demirgazyk Siriýany kürt söweşijilerinden doly saplamak wadasyny berdi.

Şu aralykda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Türkiýäniň, eger şertler dogry gelse, ABŞ-nyň “Patriot” raketa ulgamyny satyn alyp biljekdigini aýtdy, emma ol Waşington Ankarany Orsýetden uçara garşy S-400 raketa sistemasyny almak ylalaşygyndan çekilmäge mejbur etse, munuň mümkin bolmajakdygyny hem öňe sürdi.

Şeýle-de ol, Ankara bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagynyň ýene bir alamatyny görkezip, Türkiýäniň demirgazyk Siriýada ABŞ ýaranlygyndaky kürt milisiýasynyň garşysyna planlaşdyrýan harby operasiýalary ABŞ-nyň Siriýadan goşun çykaryp-çykarmazlygyna asla bagly däldigini belledi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG