Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylar üçin täze 'talap girizildi'; ýurtda emeli bilet gytçylygy 'döredilýär'


Aşgabadyň halkara aeroporty. Illýustrasiýa suraty

Geçen ýylyň dekabr aýynyň ortalaryndan başlap Aşgabadyň halkara aeroportynda ýolagçylar üçin täze talap girizildi. Bu barada “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

“Daşary ýurda uçjak, has takygy Hindistana gitjek ýolagçylar registrasiýadan geçmezden öň, olardan wizasynyň we çakylyk hatynyň kopiýasy soralýar. Adamlar resminamalaryň nusgalarynyň näme edilýändigini we näme sebäpden edil registrasiýanyň öň ýanynda talap edilýändigini soraýarlar. Ýöne her näme bolsa-da, kopiýalary getirmedik adamlara ýolagçy talony berilmeýär” diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmesine salgylanyp ýazýar.

7-nji ýanwarda çap edilen habarda ýolagçylaryň bu problema bilen edil registrasiýanyň öň ýanynda duş gelýändigine üns çekilýär. Raýatlara resminamalary öňünden taýýarlap barmak barada ne Aşgabadyň awiabilet satylýan edarasynda, ne-de metbugatda bildiriş edilýär.

“Ýolagçylar yzyna dolanyp, aeroportyň içinde resminamalarynyň kopiýalaryny taýýarlamaly bolýarlar. Bir sahypa üçin 2 manat alynýar. Her ýolagçy azyndan 2-3 sahypany kopiýa etdirmeli bolýar” diýlip, neşiriň maglumatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlary öz paýtagtdaky habarçylaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady. Bu barada Aşgabadyň halkara aeroportundan hem maglumat alyp bolmady.

Aşgabadyň halkara aeroportynda ýolagçylar täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan mahaly, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara bilet satyn almakda hem käbir kynçylyklara duçar bolýandygyny aýdýarlar.

“Men we meniň ejem, daýzam we onuň iki çagasy indi noýabryň ahyryndan bäri "Türkmenhowaýollary" kompaniýasyndan Stambula bilet almaga synanyşýarys. Ýöne bize iki aý gowrak wagt bäri “bilet ýok” diýýärler. Ýöne “bilediň hakyky bahasynyň üstüne 400 amerikan dollaryny berseň, onda bilet bereris” diýýärler” diýip, 7-nji ýanwarda Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde habarlaşan aşgabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Galyberse-de, 8-nji ýanwarda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň biri ýolagçylaryň ençemesine salgylanyp, ýurtda içerki biletleri satyn almakda hem käbir “eden-etdilikleriň göze ilýändigini” aýtdy. Şeýle-de, ol "emeli bilet gytçylygynyň döredilýändigini" hem belledi

“Täze ýyl baýramy döwründe biletlere özleriçe baha kesdiler. 25-nji dekabrda Daşoguzdan Aşgabada bilet ýok diýdiler. Bir bilediň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 87 manat bolup, 150 manat hödürlän raýatlara bilet satyldy. Bilet ýok diýýärler, ýöne uçaryň tas ýarysy boşdy” diýip, daşoguzly ýolagçylaryň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, 1-2-nji ýanwarda Daşoguzdan Aşgabada satylýan biletleriň näresmi bahasy 200 manada, paýtagtdan ýurduň demirgazyk welaýatyna satylýan biletleriň näresmi bahasy 220-250 manada çenli ýokarlandy.

Şeýle-de, habarçy 3-nji ýanwardan başlap Daşoguz-Aşgabat uçar biletleriniň näresmi bahasynyň aşaklap başlandygyny aýdyp, onuň 180-170 manada barabar bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanda uçar biletleriniň gytçylygy we ýolagçylaryň biletleri köplenç para berip almaga mejbur bolýandygy barada Azatlyk Radiosy wagtal-wagtal habar berýär.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy Türkiýe, Belarus, Russiýa ýaly ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň para berip, biletleri satyn almaga synanyşýandygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistanyň hökümeti “Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini internet arkaly satmak we bronlamak usulyny girizmek meselesine 2011-nji ýylyň fewral aýyndan bäri garaýar.

Geçen ýylyň noýabrynda “Tükmenhowaýollary” kompaniýasy öz uçarlaryna biletleri onlaýn satmak boýunça hyzmatyny ýola goýdy. Emma iş ýüzünde "Türkmenhowaýollarynyň" websaýtynda onlaýn bilet saýlamak häzir mümkin däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG