Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlarynda alyjy azaldy; dükanlaryň gapylaryna gulp uruldy


Aşgabadyň "Älemgoşar" bazary. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň bazarlarynda Täze ýyl baýramynyň yz ýany, alyjylar göz-görtele azaldy. Söwdanyň pesligi sebäpli käbir satyjylar öz dükanlarynyň gapylaryna wagtlaýyn gulp urdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji ýanwarda habar berdi.

“Şu gün öýlän “Älemgoşar” bazarynda aýlanyp ýören sanlyja adamy görse bolýar. “Älemgoşar”, “Bereketli” we “Gülüstan” bazarlarynda dükanlaryň üçden bir böleginiň gapysyna gulp urlupdyr. Söwda tekjeleriniň hem ýarysyna golaýyna mata örtükler ýapylypdyr” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçy gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bazarlardaky satyjylar dükanlaryň ýapyk durmagynyň we söwda tekjeleriniň hem mata bilen örtülmeginiň sebäplerini alyjynyň juda azlygy bilen düşündirýärler.

“Köp söwdegärler “Alyjy ýok, sowukda bazara çykyp, wagtymy hem-de saglygymy ýitirenden şu günler bazara çykmanym gowy” diýýärler” diýip, “Älemgoşar” bazaryndaky söwdegärleriň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, Täze ýyl baýramynyň yz ýany, bazarlarda alyjynyň az bolmagy bilen bagly tejribä mundan ozalky ýyllarda hem duş gelse bolýardy. Ýöne bu ýagdaý şu ýylky ýaly ýanwar aýynyň 7-ne çenli däl-de, adatça iki ýa-da üç gün dowam edýärdi.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri bazarlarda alyjylaryň azlygynyň sebäplerini “adamlaryň öz barja iň soňky köpügini Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk saçaklaryny bezemek” üçin sarp edendigi bilen düşündirýärler.

“Galyberse-de, Taze ýyl mynasybetli býujet işgärlerinden, ene-atalardan, çagalardan hem pul ýygnaldy. Şeýdip, adamlar elinde barjasyny sowdy” diýip, anonim ýagdaýda habarlaşan aşgabatly synçy aýtdy.

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda, paýtagtyň bazarlaryna berkden-berk gözegçilik girizilipdi. Şeýle-de, käbir gyt harytlar hem satylyp başlanypdy.

Şonda harytlaryň bahasynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhda satylmalydygy barada görkezme berlip, azyk harytlarynyň öňünde döwletiň gerbi basylan ýörite möhürli baha ýarlyklary goýuldy.

Şeýle-de, bazarlarda azyk harytlarynyň satuwyna gözegçilik etmek üçin käbiri polisiýa, käbiri raýat egin-eşigindäki adamlar, hatda maýor, podpolkownik çinindäki ofiserler ýerleşdirildi.

Azatlygyň habarçysy häzirki wagt bazarlardaky şol “gözegçileriň” hem-de azyk harytlarynyň öňünde ýerleşdirilen ýörite möhürli baha ýarlyklarynyň aýrylandygyny ünsi çekdi.

Şeýle-de, ol Täze ýylyň öň ýanynda, birbada satylyp başlanan ýumurtga, şeker we towuk eti ýaly azyk harytlarynyň söwda tekjelerinden gaýtadan ýitirim bolandygyny hem belledi.

“Şekeriň 1 kilogramy 7-8 manatdan, ýumurtga 33 teňňeden, daşary ýurtlardan getirilýän towuk butlarynyň 1 kilogramy 8 manatdan çäkli möçberde bolsa-da satylýardy. Ýöne häzirki wagt bu harytlar bazarlarda tapdyrmaýar. Şol bir wagtda, hususy eýeçilikdäki dükanlarda satyn alyp bolýar. Ýöne bu ýerde onuň her biriniň bahasy 80 teňňä, käbir dükanlarda 1 manada ýetipdir” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Paýtagtyň bazarlarynda bahasy gymmatlan harytlar diňe munuň bilen hem çäklenmeýär. Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda, Orsýetden we Finlýandiýadan getirilýän “President” we “Fin” atly mesgeleriň 200 gramy 19-20 manatdan satylan bolsa, häzir olaryň bahasy degişlilikde 31-33 manada ýokarlandy.

3-nji ýanwarda “Watan habarlary” gepleşiginiň reportažynda ýurtda ilata zerur bolan süýt-gatyk önümleriniň birnäçe görnüşiniň, şol sanda “Prezident” atly mesgäniň öndürilýändigi görkezildi.

“Bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ýurtda guş etiniň we ýumurtganyň hem bolçulygy” döredilýär” diýlip, habarda bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG