Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýland häkimiýetleri 'maşgala süteminden gaçan' saudly zenany yzyna ibermeýär


Rahaf Mohammed Alkunun

Taýlandyň immigrasiýa polisiýasynyň başlygy Bankokda saklanan saudly raýatyň, maşgalasyndaky sütemden gaçyp, gaçybatalga soramak üçin Awstraliýa gitmäge synanyşýandygyny aýdan ýaş zenanyň öz isleginiň tersine hiç ýere iberilmejegini aýdýar.

General-maýor Suraçate Hakparn Bankogyň esasy halkara aeroportunda 7-nji ýanwarda gurnalan metbugat ýygnagynda 18 ýaşyndaky Rahaf Mohammed Alkununiň BMG-niň Bosgunlar edarasynyň resmileri bilen duşuşmagyna rugsat beriljekdigini aýtdy.

18 ýaşyndaky saudly zenan Taýlandyň paýtagty Bankokdaky aerport myhmanhanasynda daşyna barrikada aýlap, öz maşgalasynyň süteminden gaçyp, Awstraliýadan gaçybatalga soraýandygyny aýtdy.

Rahaf Mohammed Alkunun 5-nji ýanwar güni giçlik sosial mediada, twitter arkaly şikaýatlaryny iberip, kömek sorap başlady. Ol Kuweýtden uçan uçar bilen Bankoga gelende, öz pasportynyň konfiskasiýa edilendigini aýdýar.

Kunun “Roýters” habar gullugyna maşgalasy Kuweýte sapara baranda ol ýerden gaçandygyny we Taýlanddan Awstraliýa gidip, gaçybatalga soramagy planlaşdyrandygyny gürrüň berdi.

Ol Bankokda uçardan düşenden soň tussag edilendigini we özüniň yzyna, Kuweýte ugradyjagynyň aýdylandygyny sözüne goşdy.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrligi twitterde beýanat çap edip, aýdan zatlaryny, şol sanda saud ilçihanasynyň bu zenanyň pasportyny konfikasiýa edendigini ret etdi we onuň aeroportda Taýlandiýanyň immigrasiýa kanunçylygyny bozany üçin saklanandygyny habar berdi.

Alkunun BMG-niň Bosgunlar edarasyndan we delalaty ýetjek islendik adamdan kömek soraýar.

Alkununiň aklawçysy 7-nji ýanwar güni irden onuň deportasiýa edilmeginiň öňüni almak üçin Bankogyň jenaýat suduna ýüz tutulandygyny aýtdy.

BMG-niň Bosgunlar edarasy özüniň bu işi ýakyndan synlaýandygyny we taýland häkimiýetleri bilen gürleşip, Alkanun bilen duşuşmak we onuň halkara goragyny üpjün etmek barada alada edýändigini aýdyp, beýanat çap etdi.

Alkunun twitterde, eger saud häkimiýetleriniň basyşy astynda yzyna, öz maşgalasyna gowşurylsa, özüne “hakyky howpuň” abanýandygyny aýtdy.

"Meniň doganlarym we maşgalam, Saud ilçihanasy maňa Kuweýtde garaşyp durarlar” diýip, ol 6-njy ýanwarda myhmanhanadan iberen ses we tekst habarynda aýtdy.

"Olar meni öldürerler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. “Meniň janym howp astynda. Meniň maşgalam maňa iň bir esassyz zatlar üçin ölüm haýbatyny atýar”.

Ol 7-nji ýanwarda twitterde wideo çap edip, özüniň myhmanhana otagynda gapynyň öňünde stol we düşekleri goýup, barrikada gurandygyny görkezdi.

Näme üçin Awstraliýadan gaçybatalga almaga çalyşýarsyň diýip soralanda, Alkunun “Roýters” habar gullugyna “Fiziki, dugusal we söz sütemi sebäpli, dört diwaryň içinde aýlap tussaglykda saklanýandygym üçin. Olar maňa öldürmek haýbatyny atýarlar, okuwymy dowam etdirmäge ýol bermeýärler” diýip jogap berdi.

"Olar maňa maşyn sürmäge, syýahat etmäge rugsat bermeýärler. Men basyş astynda. Men durmuşy we işlemegi söýýärin, meniň köp arzuw-islegim bar, emma maşgalam maňa ýaşamaga ýol berenok”.

Şeýle-de Alkunun adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasyna özüniň saçyny keseni üçin alty ýalap öz otagyndan çykarylman saklanandygyny gürrüň berdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG