Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Täze ýyl gijesi 30 ýaşly erkek öldürildi


Ganhorlyk Täze ýyl agşamynda boldy. (Bezeg suraty.)

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň Parahat – 7 etrapçasynda adam öldürildi.

Azatlyk radiosyna mälim bolmagyna görä, 31-nji dekabrda, agşam sagat 9-a golaý amala aşyrylan ganhorlygyň pidasy 30 ýaşlaryna golaý rus ýigidi boldy. Polisiýa bu jenaýata talaňçylyk nukdaý nazaryndan seredýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatyna görä, öldürilen adam birnäçe sagat geçeninden soň, 1-nji ýanwar güni irden tapyldy. Daş görnüşinden 30 ýaşalarynda bolan erkegiň jesedi awtobus duralgasyndan tapyldy, ony gören ýerli ýaşaýjylar polisiýany çagyrdylar.

Jeset tapylan wagtynda şol ýerde bolan şaýadyň biziň habarçymyza gürrüň bermegine görä, öldürilen ýigidiň daşky keşbi onuň rus milletinden bolandygyny aňladýar. Şaýatlar onuň şol ýerde ýaşandygyny aýtdylar. Azatlygyň habarçysyna ejir çekeniň şahsyýetini anyklamak başartmady.

Jenaýatyň bolan ýerine gelen polisiýa işgärleri öldürileniň kelläniň ýeňse tarapyndan gaty zat bilen urulmagy netijesinde ölendigi barada deslapky netijä geldiler.

Şeýle-de polisiýa wepat bolan erkegiň gapjygynyň we mobil telefonynyň alnandygyny anyklady we şu sebäpden onuň talaňçylyk maksady bilen öldürilen bolmagynyň ahmaldygy baradaky netijä geldi.

Emma çak edilýän talaňçylar öldürilen ýanyndan tapylan, çagalar üçin Täze ýyl sowgatlary salnan iki paketi almandyrlar.

Ony Täze ýyl sowgatlary salnan paketlerini döşüne gysyp ýatan ýagdaýda gördüler. Görnüşinden, ol öýüne howlugyp barýana çalym edýär. Onuň kellesine turba bilen urupdyrlar” diýip, ganhorlygyň pidasynyň tapylmagyna şaýat bolan ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk häzirlikçe ejir çekeniň maşgalasynyň we çagalarynyň bardygyny anyklap bilmedi. Adatça bolşy ýaly, türkmen polisiýasy beýle ýagdaýlardadüşündiriş bermeýär. Türkmen habar serişdeleri bolsa, beýle hadysalar barada hiç wagt maglumat çap etmeýär.

Aşgabatlylaryň gürrüň bermeklerine görä, soňky wagtlarda türkmen paýtagtyndaky jenaýatçylyk hadysalary ýygjamlaşdy. Mysal üçin, golaýda hut şu gürrüňi edilýän Parahat – 7 etrapçasynda bir ýaş aýal bir gartaşan aýala topuldy, gözlerine dezodrant pürküp, ony talajak boldy. ýöne ol garrynyň bagtyna, şol wagt itli goňşular peýda boldy we işi oňuna bolmadyk talaňçyny ürküzdiler.

Azatlyk noýabryň aýagynda Daşoguz welaýatynda amala aşyrylan aýylganç ganhorlyk hakynda hem habar berdi.

Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysyna habar bermeklerine görä, geçen ýylyň oktýabr aýynyň ortasynda Görogly etrabynyň iki sany ýaşaýjysy, öz pidalaryny internetde ýük maşynyň satlygy barada berlen ýalan bildiriş bilen aldap, soňra gazaply haklaşyp, olaryň ellerindäki pullaryny aldylar.

Satuwa çykarylan ýük maşyny bilen gyzyklanan iki alyjy, Türkmenabat şäheriniň iki ýaşaýjysy olaryň pidalary boldy. Bildirişde satylýan maşynyň bahasy ortaça bazar nyrhlaryndan 200 müň manat arzan görkezildi.

“Satyjy” bu ýagdaýy özüne “gyssagly pul gerek bolandygy” bilen düşündirdi. Şondan soň awtoulag satyn almagy ýüregine düwen türkmenabatly alyjy ýanyna 300 müň manat (Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça $85.714) pul alyp, öz dosty bilen Görogly etrabyna ugrady.

Azatlygyň hukuk goraýjy guramalardaky habardar çeşmesiniň maglumatyna görä, alyjylary özlerini ýük maşynynyň satyjylary diýip tanadan iki erkek garşy aldy we olary öz öýlerine çagyrdy.

Olar öýe gelenlerinden soň, alyjylaryň biri daş çykanda, kellesine demir bilen urlup öldürildi. Soňra çak edilýän ganhorlar içerik dolanyp gelip, ol ýerde garaşyp oturan ikinji alyjyny hem öldürdiler. Olar öz pidalarynyň jesetlerini öz jaýlarynyň ýerleşýän howlusynda gömdüler.

Pidalaryň garyndaşlary şol wakadan dört gün soň Türkmenabadyň polisiýasyna ýüz tutup, olaryň ýitirip bolandygyny habar berdiler.

Azatlygyň habarçysynyň anyklamagyna görä, derňew başlanandan soň güman edilýänleriň biri gorkusyndan özüni heläkledi. Güman edilýänleriň ikinjisi Aşgabat aeroportunda, Türkiýä uçmakçy bolanda saklandy. Onuň ýanyndan 300 müň manat pul çykdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG