Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Intellinews: MTS Türkmenistandaky goşlaryny ýygnap, ýurtdan çykýar


Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň MTS – Mobile TeleSystems – mobil telefon aragatnaşyk kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky emläklerini we gurallaryny söküp, ýurtdan çykyp başlady. Bu barada “Intellinews” neşiri habar berýär.

Düýbi Londonda ýerleşýän neşir MTS kompaniýasyndaky anonim çeşmelerine salgylanyp, 2017-nji ýylda MTS-Türkmenistanyň internet hyzmatlary we uzak aralyga liniýalary kesilenden soň, kompaniýanyň “besdir” diýip, ýurtdan doly çekilýändigini aýdýar.

Dekabr aýynda MTS kompaniýasy [Türkmenistandaky] esasy stansiýalaryny söküp, öz gurallaryny yzyna, Russiýa iberip başlady diýip, neşir 2-nji ýanwarda çap eden habarynda belleýär.

Aýdylmagyna görä, kompaniýanyň dawany çözmek üçin gepleşikler geçirmek tagallalaryna ne türkmen hökümeti, ne-de oňa degişli organlar oňyn gaýtawul berýär.

“Hoşniýetli tagallalara hökümet tarapyndan hiç hili gaýtawulyň berilmezligi lapykeç edýär. MTS [ýurtdan] çykmaga mejbur edilýär we kompaniýa [Bütindünýä bankynyň düýbi Parižde ýerleşýän] Inwestisiýa dawalaryny çözmek baradaky halkara merkezine (ICSID) arza bilen ýüzlenýär. Muňa garamazdan, MTS çözgüt tapmak üçin gepleşikleri geçirmäge meýilli we islegli bolup galýar” diýip, neşir habarda öz çeşmesiniň sözlerini getirýär.

MTS kompaniýasynyň Türkmenistandaky abonentleriniň aragatnaşyk hyzmatlary 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kesilipdi. Şol gün MTS-iň Moskwadaky baş edarasynyň metbugat wekili Dmitriý Solodownikow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aşgabadyň zerur bolan käbir rugsatnamalaryň möhletini uzaltmandygyny aýtdy.

Şonda Solodownikow MTS-iň işini dikeltmek boýunça “Türkmentelekom” bilen gepleşikleriň geçirilýändigini, sebäbi kompaniýanyň Türkmenistanda işlemegine berlen ygtyýarnamanyň möhletiniň 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda tamamlanýandygyny belläpdi.

2018-nji ýylyň iýul aýynyň ahyrynda Russiýanyň MTS kompaniýasy Türkmenistanyň üstünden halkara arbitraž edarasyna şikaýat bilen ýüz tutdy.

Bu aralykda, türkmen hökümetine ýakyn Ashgabad.net internet neşiri rus operatorynyň bildiren şikaýatynyň “geljeginiň ýokdugyny” aýdyp, Türkmenistanyň radioýygylyklar boýunça döwlet gullugynyň jogapkär işgäriniň sözlerini getirdi.

23-nji noýabrda Türkmenistan we Orsýetiň MTS telefon operatory halkara arbitražda öz dawalaryny çözmäge gatnaşjak arbirtrini, ýagny araçylaryny kesgitledi.

Russiýanyň iň uly üç mobil telefon operatorlarynyň biri hasaplanýan MTS kompaniýasy 2005-nji ýylda Türkmenistanda öz hyzmatlaryny hödürläp başlapdy.

“Intellinews” neşiri MTS-Türkmenistanyň ýurtdaky kynçylyklarynyň dessine başlanandygyny, sebäbi şol ýyly türkmen hökümetiniň kompaniýadan girdeji paýynyň bölünişigini artdyrmagy talap edip, onuň işini wagtlaýyn togtadandygyny habar berýär.

“Aşgabat bilen kompaniýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, MTS-Türkmenistan salgytdan we takyk çykdajylardan soňky arassa girdejisiniň 20%-ni türkmen häkimiýetlerine tölemäge razy bolýar. Şondan soňky bäş ýylyň dowamynda MTS Türkmenistandaky kompaniýasyna 150 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesini harçlady we öz ulgamynyň gerimini 130 esasy stansiýa çenli giňeltdi” diýlip, habarda aýdylýar.

Neşir 2010-njy ýylda türkmen hökümeti MTS-Türkmenistanyň işini ikinji gezek togtadanda, kompaniýadan gaýtadan, has köp girdeji paýyny talap edendigini aýdýar.

“Iki ýyl dowam eden gepleşiklerden soň, 2012-nji ýylda MTS türkmen hökümetine öz girdejisiniň 30%-ni bermäge razy bolýar. Munuň netijesinde MTS-Türkmenistana ýurtda öz işini alyp barmaga bäş ýyl möhlet bilen ygtyýarnama berilýär. Şeýle-de, bu ylalaşygyň çäginde şol ygtyýarnamany soňy bilen ýene bäş ýyla çenli uzaltmaga mümkinçilik hem berildi” diýlip, habarda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG