Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-nyň ‘global polisiýa rolunyň’ soňlanandygyny yglan etdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp we amerikan esgerleri

Prezident Donald Tramp Germaniýadaky ýaragly güýçlere degişli bir bazada amerikan esgerleri bilen salamlaşdy. Ol ondan öň öňünden yglan edilmedik sapar bilen Yraga baryp, ol ýerde ýerleşdirilan esgerler bilen duşuşypdy. Bu Trampyň prezidentlik döwründe harbylar bilen duşuşmak üçin bulagaýlykly bir regiona eden ilkinji saparydyr.

27-nji dekabrda Tramp Germaniýadaky Ramsteýn howa bazasynda onlarça esger bilen elleşip, selfi aldyrdy.

Prezident ondan bir gün öň öz aýaly Melania Tramp bilen birlikde öňünden yglan edilmedik sapar bilen Bagdadyň günbatarynda ýerleşýän Al-Asad howa bazasyna barypdy.

2017-nji ýylyň ýanwarynda prezident bolaly bäri uruşly regionlardaky amerikan güýçleri bilen duşuşmandygy üçin ýiti tankytlanan Tramp Yrak saparyndan peýdalanyp, özüniň 2000 esgeri goňşy Siriýadan çykarmak baradaky kararyny gorady. Ol “Yslam döwleti” ekstremistik topar “ýeňilene juda ýakyn”, ýüze çykan her bir pitnäni hem Amerikanyň Yrakdaky güýçleri ýeňip bilýär diýdi.

“Biz indi beýleki ýurtlaryň özlerini goramak üçin bizi, biziň aşa başarnykly esgerlerimizi ulanmagyny islämzok. Olar muňa pul tölänoklar, indi muny etmeli bolarlar” diýip, Tramp özüniň Birleşn Ştatlaryň ‘global polisiýa roly’ diýýäniniň soňlanandygyny yglan etdi.

Ol soňra hem: “Biz dünýäniň ähli ýerine ýaýradyk. Köp adamlaryň adyny-da eşitmedik ýurtlarynda biz bar. Dogrusy, bu bir gülkünç zat” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Amerikan güýçleri Siriýada “Yslam döwletiniň” köküni gyrmak üçin kürt ýarym harbylaryna kömek edýärdi.

Pentagon şeýle hem Owganystanda halkara durnuklylyk missiýasyna gatnaşýan 14 müň esgeriň hem ýarpysyny bu ýerden çykarjakdygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Yrakda 5000-den agdyk esgeri bar. Olar “Yslam döwletine” garşy şöweşde ýerli howpsuzlyk güýçlerini goldaýarlar.

Yrak saparynda Tramp ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşar diýlip çaklanypdy, ýöne bu duşuşyk onuň nähili amala aşyrylmagy baradaky ylalaşmazlyklar sebäpli ýatyryldy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamenti duşuşygyň ýerine telefon gepleşigi geçiriler diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG