Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen raýaty ýegeniniň Aşgabatdan goýberilmegine kömek soraýar


Aşgabadyň halkara aeroportundaky hopwsuzlyk işgäri

Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň daşyna çykmakda duçar bolýan kynçylyklary, olaryň uçara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň gaýtalanmagy dowam edýär.

12-nji dekabrda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we häzir Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly zenan öz ýegeniniň soňky iki ýarym aýyň dowamynda bäş gezek Aşgabatdan Türkiýä barýan uçara goýberilmändigini aýtdy.

“Meniň ýegenimiň bäş gezek uçar bileti köýdi. Ony iň soňky gezek düýn Aşgabadyň halkara aeroportyndaky Migrasiýa işgärleri Stambula gaýtjak uçara mündirmediler. Oňa her gezeginde “öz welaýatyňdaky Migrasiýa gullugyna bar” diýýärler. Ol Migrasiýa gullugyna baranda, oňa “Sen 30 ýaşyňda, aýal-gyzlara ýurtdan çykmak bolanok. Ýurtdan gidip näme etjek? Şu ýerde işle” diýýärler. Ýöne resmi düşündiriş ýa-da hat bermeýärler” diýip, türkmen zenany aýtdy.

Azatlyk Radiosynda Türkmenistandan goýberilmeýän türkmen raýatynyň we häzirki wagt Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly zenanyň şahsyýetleri barada doly maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Türkiýede ýaşaýan zenanyň aýtmagyna görä, onuň ýegeni Türkiýä gaýtmak üçin häzire çenli 30 müň manada golaý (gara bazaryň nyrhynda: $1660; resmi kursda: $8570) möçberde pul serişdesini prosentine karz alypdyr.

“Ýegenim Aşgabadyň halkara aeroportynda garaşýar we aglaýar. Näme etjegini bilenok. Kimden kömek sorajagyny hem bilenok. Alan karzynyň üstüne her gün prosent münýär. “Meni ýurtdan goýbermeseler, karzymy nädip tölärin” diýip her gün aglap jaň edýär. Türkmenistanda iş tapjak bolup, ýegenim Marydan Aşgabada geldi. Ýöne bu ýerde-de iş tapyp bilmedi we “propiska bolmasa ýaşamak bolanok” diýip, ýaşaýan jaýyndan çykardylar, soňra-da otla mündürip Mara ugratdylar. Ýegenim “soňky çykalga” diýip, Türkiýä gaýtjak bolýar” diýip, türkmenistanly zenan belledi.

Ol ýegeniniň Aşgabadyň halkara aeroportynda “seni uçara mündürip bererin” diýen wada bilen uçara goýberilmedik ýolagçylardan pul alýan “araçylara” 8000 manat möçberinde pul berendigini, ýöne olaryň hem öz wadasynda tapylmaýandygyny aýtdy.

11-nji dekabrda Aşgabatdan Stambula uçan uçarda Türkiýä gelen türkmenistanly raýatlaryň biri 12-nji dekabrda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşdy. Türkmen raýaty Stambula uçjak ýolagçylaryň aglabasynyň uçara goýberilmändigini we uçaryň ýarysyndan gowragynyň boş gelendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý bilen baglylykda Aşgabadyň halkara aeroportunyň we Mary welaýatynyň migrasiýa resmilerinden resmi düşündiriş alyp bilmediler. Şeýle-de, Azatlygyň Türkmenistanyň raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagy üçin edil häzir talap edilýän dokumentleriň anyk sanawyny almak boýunça eden synanyşygy hem häzirlikçe netije bermedi.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň raýatlary ýurtdan çykmakda, ilkinji nobatda-da Türkiýä gitmekde yzygiderli kynçylyklara duçar bolýarlar. Azatlyk Radiosy bu barada onlarça gezek habar berdi.

Şu ýylyň iýun aýynda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň aeroportynda üç gezek Türkiýä gitmäge synanyşan, emma olaryň hiç birinde-de uçara goýberilmedik daşoguzly bir adamyň öz janyna kast edendigini habar berdi.

Türkmenistandaky agyr ykdysady kynçylyklar we işsizlik sebäpli, eklenç gözleginde gitdigiçe has köp adam daşary ýurtlara gitmäge synanyşýar. Emma türkmen hökümeti ýurtdaky ykdysady problemalary, şol sanda işsizligi açyk boýun almaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG