Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň resmileri Orsýet 'Nowator' raketa sistemasyny ýok etmeli ýa-da täzelemeli diýýärler


Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçisi Jon Huntsman

ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň orta aralyga niýetlenen ýadro ýaraglar baradaky ylalaşygy (INF) berjaý etmek we bu Sowuk urşy döwründe baglaşylan ylalaşykdan ABŞ-nyň çykmagynyň öňüni almak üçin Nowator 9M729 kysymly raketa sistemasyny ýok etmelidigini ýa-da olaryň sanyny azaltmalydygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň ýaraglara gözegçilik we halkara howpsuzlygy boýunça orunbasary Andrea Thompsonyň 6-njy dekabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, ýarag sistemasynyň möçberi 1987-nji ýylda baglaşylan INF paktyna gabat gelmeýär.

Ol Moskwa Orsýetiň “doly we barlap bolaýjak derejedäki borçlaryny” dikeltmek üçin “sistemany boşatmaly, atyjylary boşatmaly ýa-da olary oňki uzaklygyndan geçmeýän sistema çalyşmaly” diýdi.

“Top Orsýetiň sudunda. Biz muny olar üçin edip bilmeris. Olaryň özi inisiatiwa bildirmeli” diýip, Thompson aýtdy.

Prezident Donald Tramp Orsýetiň ikitaraplaýyn bu ylalaşygy bozmagynyň güman edilýändigini belläp, ABŞ-nyň INF ylalaşygyny terk etjekdigini oktýabr aýynda yglan edipdi we ylalaşygyň Waşingtony çäklendirýändigini, şol bir wagtda-da ylalaşyklary baglaşmadyk Hytaý ýaly ýurtlaryň raketalary erkin öndürýändigini we ýerleşdirýändigini belläpdi.

ABŞ-nyň resmileri Orsýetiň SSC-8 diýlip tanalýan 9M729 sistemasynyň 500-5500 kilometr aralygyndaky ýer we ballistik raketalaryň gadagançylygyny bozýandygyny aýdýarlar.

4-nji dekabrda ABŞ Moskwa iki aýyň dowamynda ylalaşygy berjaý etmeklige dolanmasa öz borçnamalaryny ýatyrjakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) bu baradaky karary NATO agza ýurtlaryň Brýusselde geçiren ýygnagynda ýaranlar Orsýetiň INF ylalaşygynyň borçnamalaryny bozandygy barada Birleşen Ştatlaryň aýyplamalaryny “berk” goldanyndan soňra yglan etdi.

“Biz bu 60 günüň dowamynda sisitemalary synagdan geçirmeris ýa-da olary öndürmeris. Biz 60 günüň dowamynda näme boljagyny göreris” diýip, Pompeo aýtdy.

Orsýetiň resmileri şeýle talaplary yzygiderli ret edip gelýärler we prezident Wladimir Putin hem, Moskwanyň 9M729 sistemasyndan yza çekiljekdigi barada hiç hili görkezme bermedi. Moskwa bu sisitemanyň agzalýan ylalaşygy bozmaýandygyny öňe sürýär.

Orsýet ABŞ-nyň Ýewropadaky raketa-goranyş sistemasynyň käbir elementleriniň gürrüňi edilýän ylalaşygy bozýandygyny aýtdy. Waşington bu aýyplamany ret edýär.

Thompson bilen telefon gepleşigini amala aşyran Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky ilçisi Jon Huntsman ABŞ INF ylalaşygyny terk etse, bu onuň “ýaraglara gözegçilikden yza çekilýändigini” aňlatmaýar diýdi.

“Biz muny ýaraglara gözegçilik baradaky ylalaşygyň işjeňligini we bitewüligini has giň gerimli gorap saklamak maksady bilen amala aşyrýarys” diýip, Huntsman aýtdy.

“Biz ýaraglaryň gözegçiligine öňküsi ýaly ygrarly bolmagynda galýarys, ýöne bize ygtybarly hyzmatdaş gerek...” diýip, Huntsman sözüniň üstüne goşdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG