Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Prokuratura işgärlerine gymmatbaha ulaglary sürmek dilden gadagan edildi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndaky prokuratura edaralarynyň işgärlerine gymmatbaha awtoulaglary sürmek we edinmek dilden berlen görkezme esasynda gadagan edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň demirgazyk welaýatyndaky çeşmesi habar berýär.

“Bu görkezme mundan 3-4 aý çemesi öň ýokardan berildi. Şu görkezmeden soňra gymmatbaha awtoulagy bar bolan prokuratura işgärleri bu ulaglary satdylar. Olaryň käbirleri bolsa, öz gymmatbaha ulaglaryny dogan-garyndaşlarynyň adyna geçirdi. Ýöne şonda-da olar bu ulaglary ulanmaýarlar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz aýtdy.

Çeşme welaýatdaky prokuratura işgärleriniň aglabasynda, esasan, “Toyota Pathfinder” ýa-da “Toyota Highlander” ýaly iň pesi 2015-nji ýylda öndürilen ulaglaryň bolandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Prokuratura işgärleriniň ulaglary beýleki adamlaryň ulagyndan özüniň täzeligi bilen tapawutlanýardy. Ulaglaryň ählisi diýen ýaly täzedi. Görkezmede aýdylmagyna, bu tabşyryk prokuratura işgärleriniň ýönekeý adamlardan tapawutlanmazlygy üçin kabul edildi” diýip, çeşmämiz belleýär.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagt prokuratura işgärleriniň aglabasy “Toyota Camry”, “Toyota Avalon” ýaly 2000-2005-nji ýyllar aralygynda öndürilen ulaglary sürýärler.

Şeýle-de, çeşme bu görkezmäniň diňe Daşoguzdaky däl, eýse ýurduň beýleki welaýatlaryndaky we paýtagtdaky prokuratura işgärlerine hem degişlidigini aýdyp, sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Daşoguz welaýat prokuraturasyndan kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň we döwlet işgärleriniň hususy awtoulagyna garşy ençeme tapgyr näresmi çäklendirmeleri we gadagançylyklary girizdi. Tutuş ýurt boýunça ilatyň gara ýa-da garamtyl reňkdäki ulaglary sürmegine garşy girizilen gadagançylyk şol çäklendirmeleriň iň soňkusydyr.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanda gara ýa-da garamtyl reňkdäki ulaglary sürmek gadagan edilmezinden ozal, ýurtda “ak ulaglara geçmek” talaby ilkinji bolup döwlet işgärlerinden başlanypdy.

2014-nji ýylyň tomsunda ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aglabasynyň münýän gara reňkli “Mersedes” kysymly gulluk maşynlary ak reňkli awtoulaglara çalşyrlypdy.

Aradan üç ýyl çemesi wagt geçensoň, has takygy geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň häkimiýetleri gara reňkdäki ulaglary “awlap”, olary ak reňke boýamagy talap etdiler. Bu çäre sanlyja aýyň dowamynda tutuş ýurduň çäginde amala aşyryldy.

Türkmenistanda “ak reňkdäki ulaglara” geçmek kampaniýasynda bolşy ýaly, “gymmatbaha ulaglary sürmek gadagançylygynyň” döwlet işgärlerinden soňra adaty raýatlardan hem talap ediljekdigi ýa-da edilmejekdigi häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.

Emma bu çäklendirmeler ýurtdaky hususy awtoulaglar, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň ýollary özleriniň kesgitlän talaplaryna laýyk gelmeýän ulaglardan “arassalamak” boýunça girizen gadagançylyklarynyň diňe käbiridir.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda, paýtagtyň häkimiýetleri “Žiguli” (Waz) kysymly awtoulaglary ýygnap, bu çäräniň köçeleri köne ulaglardan ‘arassalamak’ üçin geçirilýändigini aýdypdylar.

2015-nji ýylda bolsa, gara reňkli maşynlary ýurda getirmäge düýbünden gadagançylyk girizildi. Şeýle-de, şol ýylda airbagsyz, ýagny howpsuzlyk ýassygy (janýassygy – red.) bolmadyk awtoulaglary hem ýurda goýbermek gadagan edildi.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen häkimiýetleri hususy awtoulag eýelerinden öz ulaglarynyň aýnalaryndaky, hatda öndüriji zawod tarapyndan ýerleşdirilen garaňkyradýan ýörite plýonaklary, gara diskleri, spoýlerleri aýyrmagy talap etdiler.

2013-nji ýylyň 1-nji martyndan bolsa, ýurda getirilýän awtoulaglaryň zawoddan goýberilen senesiniň 5 ýyldan köp bolmaly däldigi barada ýörite karar kabul edildi.

Raýatlaryň hususy awtoulaglary bilen bagly girizilen bu gadagançylyklar we çäklendirmeler hem-de olaryň sebäpleri barada resmi taýdan maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär. Bu barada metbugatda hem mesele gozgalmaýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG