Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CNN: ABŞ Gara deňze uruş gämilerini ibermek planlaryny düzýär


Orsýet tarapyndan tutulan ukrain gämileri. Kerç, Krym, 28-nji noýabr, 2018 ý.

CNN Birleşen Ştatlaryň Gara deňze uruş gämilerini salmak barada plan düzýändigini habar berýär, bu täzelik Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky dartgynlyklaryň derejesiniň ýokary bolmagynda galýan wagtyna gabat geldi.

Neşiriň 5-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ABŞ-nyň harby resmileri Döwlet departamentinden Türkiýäni harby-deňiz güýçleriniň gämileriniň Bosfor we Dardanel bogazlaryndan geçirilmek ähtimallygy planlary bilen habarly etmegi sorapdyrlar. Bu suw ýoly Stambuly parran iki bölüp, Ortaýer deňzini Gara deňiz bilen birleşdirýär.

CNN bu maglumata çeşme hökmünde ady aýdylmaýan ABŞ resmileriniň üç sanysyna salgylanýar we bu habar bada-bat tassyklanylyp bilmedi.

Onýyllyklara barabar ýaşy bolan şertnama Gara deňiz kenarlary bolmadyk ýurtlaryň ählisiniň, bu suw ýolundan geçmek planlary bolsa, 15 gün öňünden Türkiýäni habardar etmegini talap edýär.

Ady aýylmadyk iki resmi CNN bilen söhbetdeşlikde bu planlaryň daşa ýazylan däldigini, Türkiýäniň habardar edilmeginiň bolsa, ABŞ-nyň harby-deňiz güýçlerini diňe öz gämilerini bu sebite sürmek mümkinçiligi bilen üpjün edýändigini aýtdylar.

"Biz ABŞ-nyň Altynjy flotunyň hereket edýän sebitlerinde, Gara deňziň halkara suwlaryny we howa giňişligini hem goşmak bilen, howpsuzlygy we durnuklylygy ilerletmek üçin, dowamly operasiýa geçirýäris” diýip,ABŞ-nyň Altynjy flotunyň sözçüsi, bu sebitdäki deňiz operasiýalaryna gözegçilik edýän komandir Kyle Raines CNN bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

"Biz halkara kanunçylygyna we normalaryna laýyklykda erkin hereket etmek hukuklarymyzy kepillendirýäris” diýip, ol aýtdy.

Gara deňiz sebitindäki ýurtlaryň birnäçesini agza edinen NATO, Birleşen Ştatlar bilen, Orsýetiň aladalaryna garamazdan, Gara deňizdäki gözegçilik işlerine uruş gämilerini yzygiderli iberip durýar.

2008-nji ýylda Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda bolan bäş günlük uruşdan soň, rus goşunlarynyň henizem kenara golaý goş basyp ýatmagy bilen, Waşington Gürjüstanyň kenarlarynda, bu ýurda goldaw yşaratyny edip, ABŞ-nyň Altyn flotunyň flagmanyny ýerleşdirdi.

ABŞ-nyň gözegçilik uçarlary we dronlary Orsýetiň Gara deňiz kenalaryna we Moskwanyň 2014-nji ýylda Ukrinadan bikanun anneksiýa eden Krym ýarymadasyna yzygiderli syn edýär. Rus uçarlarynyň bu gözegçilik uçarlaryna yzygiderli gapma-garşy bolýandygy görünýär.

Kerç bogazy, Azow
Kerç bogazy, Azow

Habary çykan planlar Kiýew bilen Moskwanyň arasynda 25-nji noýabrda dörän deňiz gapma-garşylygy üstünde dartgynlyklaryň ýitilişen wagtyna gabat geldi. Orsýet Kerç bogazynyň üstünden uzaýan we Orsýet bilen Krymy birikdirýän äpet köpriniň aşagyndan geçmekçi bolan ukrain gämilerini oka tutdy.

Netijede Orsýet Ukrainanyň 24 deňizçisini saklap, olary serhetden bikanun geçmekde we beýleki aýyplamalarda aýyplap, sud etdi.

Orsýetiň bu göçümi ukrain gämileriniň Azow deňzine we Maripola, Ukrainanyň möhüm söwda portuna barýan suw ýoluny çäklendirdi.

Orsýet we Ukraina, 2003-nji ýyldaky şertnama esasynda, Azow deňzine geçelgäni umumylykda ulanmaga razy boldy. Emma muňa garamazdan, 2014-nji ýyldaky anneksiýadan soň, şeýle-de Kerç köprüsiniň gurluşygy şu ýylyň başynda tamam bolaly bäri, Orsýet kem-kemden ukrain gämileriniň gatnawyny çäklendirdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG