Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylaryna gaz ölçeýjileri oturtmak üçin 15-nji dekabra çenli möhlet berildi


Gaz edarasynyň awtoulagy, Aşgabat, noýabr, 2018.

Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlarda ölçeýjileri oturtmak boýunça resmi çäreler dowam etdirilýär. Azatlygyň habarçysynyň öýlere aýlanýan resmileriň we gaz edarasynyň wekillerine salgylanyp, habar bermegine görä, ölçeýjileri oturmak üçin 15-nji dekabra çenli möhlet berlipdir.

​Gazyň sarp edilişini ölçeýji gurallaryň köpçülikleýin oturdylmagy, sentýabryň aýagynda ýurt ýolbaşçysynyň ilata gazy, suwy we belli bir möçberde togy mugt bermek boýunça öňki ýeňillikleri doly ýatyrandygyny yglan etmeginiň yzýany, oktýabrda güýçlenipdi.

"Her gün ir bilen öý hojalyk edaralaryň, polisiýanyň, ýangyn söndürijileriň wekilleri öýlere aýlanýarlar. Käte olaryň ýanyna gaz we suw edaralarynyň işgärleri goşulýarlar. Ählisinden suwuň we gazyň ölçeýjilerini oturtmagy talap edýärler. Iň soňky möhlet 15-nji dekabr" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Ölçeýji gurallar ýaşaýjylaryň hasabyna oturdylýar. Olaryň resmi bahasy 258 manat, emma käbir halatlarda olaryň bahasy artdyrylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, köplenç ölçeýjileriň söwdasyny we oturtmak işini gaz edarasy üpjün edýär. Onuň işgärleri ýörite tehnikaly etraplara baryp, öýlere aýlanyp çykýarlar.

​Ýaşaýjylaryň ölçeýjileri oturtmak prosesine şäheriň administrasiýasy, gaz edaralarynyň wekilleri gözegçilik edýärler. Olar bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlara kanun goraýjy edaralaryň işgärleri hem aýlanyp ilata gurallary oturmagyň zerurlygy barada düşündiriş berýärler.

Azatlygyň habarçysy öýlere barýan resmiler adamlardan dil hatyny alýarlar we ýörite depderçelere bellik edýärler diýip belleýär.

"Bu kagyzy ýörite geýimli adamlaryň gowşurmagynyň özi haýbat ýaly görünýär. Munuň bilen bir wagtda-da berilýän kagyzlarda hiç hili gol, möhür ýa-da ýerine ýetirilmeli wagty barada bellik ýok, bar zady dilden we berk görnüşde aýdyp gidýärler. Üstesine, gelenler ölçeýjileri oturmak hakynda kagyzlaryň görkezilmeginden kanagatlanmaýarlar, jaýa girip öz gözi bilen görmegi isleýärler. Diňe şundan soň hasap kitapçalarynda bellikleri edýärler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.

Ölçeýjileri agzalan senä çenli oturtmadyklara nähili çäräniň garaşýandygy belli däl. Gaz ölçeýjileriniň görkezýän sanlaryndan hasap çykarmak usullary hem kesgitli däl. Ulanylan gaz üçin nyrhlar hem nämälim. Bu barada Aşgabadyň gaz edarasyndan düşündiriş almak Azatlyk Radiosyna häzirlikçe başartmady.

​"Ölçeýjileriň görkezijilerine nädip düşünmeli, tölegleri nädip tölemeli, görkezijileriň esasynda nädip hasap çykarmaly - bu zatlary hiç kim düşündirmeýär. Bu çäreleriň diňe prezidentiň hyzmatlary ölçemek barada eden talabyny ýerine ýetirmek üçin geçirilýändigi barada pikir döreýär. Sebäbi hasaplamak boýunça sistema ýola goýulmadyk" diýip, Azatlygyň habarçysy belleýär.

Ýatlatsak, sentýabryň aýagynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň gaz we suw üpjünçiliginiň tölegli esasa geçirilmegine gözegçiligi Içeri işler ministrligine tabşyrypdy.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, şäher häkimiýetleri ilata gaz ölçeýjiler boýunça tölegleriň 2019-njy ýyldan alnyp başlanjagyny duýdurypdyr.

Türkmenistanda gaz ölçeýjileriň köpçülikleýin oturdylmagy bilen bir wagtda ilata hojalyk hyzmatlary üçin bergilerini töletmek boýunça işler hem geçirýärler. Ýaňy-ýakynda ýurt ilaty bergileri üçin sud jogapkärçiligine çekiljegi barada habarly edildi.

Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG