Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CNN: ABŞ Gara deňze harby gämilerini ýollamagy planlaşdyrýar


Russiýanyň ele geçiren ukrain gämileri.

CNN ABŞ-nyň Gara deňze özüniň harby gämilerini ýollamagy planlaşdyrýandygyny habar berýär. Bu Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dartgynly wagtynda bolup geçýär.

CNN-iň maglumatyna görä, ABŞ harbylary Döwlet Departamentinden gämileriň Bosfor we Dardanelly suw ýol geçelgelerinden geçmeginiň mümkindigi barada Türkiýä duýdurmagyny sorapdyrlar. Bu suw ýol geçelgeleri Stambuly ikä bolup, Ortaýer deňzini Gara deňiz bilen birleşdirýär.

CNN bu maglumaty üç çeşmeden alandygyny aýdýar. Habary häzirlikçe tassykladyp bolmady.

NATO we Birleşen Ştatlary, Russiýanyň bu ugurdaky aladalaryna garamazdan, Gara deňze gözegçilik etmek üçin wagtal-wagtal bu suwlara öz harby gämilerini ýollaýarlar.

Mundanam başga, ABŞ-nyň gözegçilik uçarlary we pilotsyz dronlary Gara deňziň, şol sanda Moskwanyň 2014-nji ýylda basyp alan Krymyň kenarlaryna gözegçilik edýärler.

Bu ýagdaýlar Kiýew bilen Moskwanyň 25-nji noýabrda deňizde ýüze çykan gapma-garşylygynyň fonunda bolup geçýär.

Russiýa Kerç aýlagynyň köprüsiniň aşagyndan geçmekçi bolan ukrain gämilerine ot açyp, üç gämini we 24 ukrain deňizçisini ele geçiripdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG