Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Goranmak ministrligi täze lazer ýaragyny görkezdi


Rus harby ýük ulagynyň üstünde ýerleşdirilen lazer ýaragy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi täze lazer ýaraglary ulgamyny äşgär etdi.

Ministrligiň Twitter hasabynda ýerleşdirilen wideoda Pereswet ulgamynyň ammardan çykarylýan pursatlary görkezildi.

Prezident Wladimir Putin 1-nji martda eden çykyşynda, ýurduň harbylarynyň ýokary derejeli täze ýaraglaryň üstünde işleýändiklerini aýdypdy.

Şol pursat Putin “Biz lazer ýaraglary babatynda uly öňe gidişlikleri gazandyk” diýip, çykyş edipdi.

“Bu ýöne bir taslama, plan däl. Bu önümçiligiň irki tapgyrynda hem däl. Geçen ýyldan bäri biziň goşunlarymyz lazer ýaraglary bilen üpjün edildi” diýip, Putin belläpdi.

Lazer ulgamynyň nähili işleýändigi aýdyň däl.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG