Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azyk gytçylygynyň fonunda Lebapda we Daşoguzda harytlaryň gymmatlamagy dowam edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmegi tabşyrýan mahaly, ýurduň dürli künjeginde azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy dowam edý��r.

Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran lebaply habarçysy Türkmenabadyň bazarlarynda harytlaryň bahasynyň her iki hepde-de ortaça 1 manat ýokarlanýandygyny aýdyp, şeýle diýýär:

“Il içinde “Gök bazary” ady bilen tanalýan “Merkezi daýhan bazarynda” kartoşkanyň 1 kilogramy 6 manada, soganyň 1 kilogramy 3 manada, üzümiň 1 kilogramy 6 manada durýar. Döwlet dükanlarynda 3,40 manatdan käte satylýan “Ahal” ýagy bazarda 12 manada durýar. Çöregiň bahasy görnüşine görä, 1,5-5 manat aralygynda satylýar. Ýerli kökeleriň bahasy 16-25 manada barabar” diýip, habarçy bazardaky harytlaryň käbiriniň häzirki bahasy barada habar berdi.

Şeýle-de, habarçy bu gymmatlamanyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlarda hem duýulýandygyny aýdyp, Orsýetden getirilen süýjüleriň 1 kilogramynyň 45-50 manat, bir bananyň 2-5 manat aralygynda satylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky beýleki bir habarçysy hem bazarlarda azyk harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagynyň dowam edýändigini aýtdy.

“Çörek 1-6 manatdan satylýar. 1 litr “Ahal” ýagy 12-13 manada durýar. Ýerli unuň 1 kilogramy 10 manatdan, gazak ununyň 1 kilogramy 12-13 manatdan satylýar. Soganyň 1 kilogramy 3-4 manada, kartoşkanyň 1 kilogramy 6-7 manada, tüwiniň 1 kilogramy 15-20 manada durýar” diýip, anonim ýagdaýda söhbetdeş bolan habarçy belledi.

Azatlygyň Türkmenistanyň demirgazyk we gündogar welaýatlaryndaky biri-birinden garaşsyz iki habarçysy hem, ýumurtga gytçylygynyň Türkmenabat we Daşoguz şäherlerinde hem duýlup başlanandygyny aýtdy.

Häzirki wagt 1 ýumurtga Türkmenabadyň bazarlarynda 1,30 manada, Daşogzuň bazarlarynda 1,5 manada satylýar.

Ýatladyp geçsek, 4-nji dekabrda Azatlyk Radiosy Aşgabadyň bazarlarynda, hususy we döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda ýumurtganyň hem-de bolgar burçunyň gytçylygynyň emele gelendigini we olaryň bahasynyň telim esse gymmatlandygyny habar berdi.

Türkmenistanda azyk harytlarynyň, şol sanda balyk önümleriniň, süýt-gatyk önümleriniň, şeýle-de dermanlaryň, gurluşyk harytlarynyň bahasynyň gymmatlamagy indi bir ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ýurtda un, ösümlik ýagy, şeker we çörek ýaly azyk önümleriniň ýiti gytçylygy duýlup, döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän uzyn nobatlarda bu harytlar adamlara çäkli möçberde satylýar.

Türkmenistanda azyk gytçylygy we gymmatçylygy barada Azatlyk Radiosynda we garaşsyz habar serişdelerinde çap edilýän habarlaryň fonunda, soňky günlerde geçirilen hökümet ýygnaklarynda “içerki bazarlaryň haryt üpjünçiligine” ünsi çekýän meseleler döwlet baştutany derejesinde birnäçe gezek gozgaldy.

3-nji dekabrda geçirilen wideo şekilli iş maslahatynda Berdimuhamedow söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Amandurdy Işanowa “daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmagy we ýurduň bazarlaryny dürli görnüşli ýerli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmegi” tabşyrdy.

​30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow prezidente hasabat berip, Täze ýyl baýramy mynasybetli “ýurduň bazarlarynyň ilatyň isleg bildirýän köp dürli harytlary bilen üpjün edilýändigini”, “söwda dükanlarynyň azyk önümleri bilen, şol sanda gök önümler we miweler bilen bolelin üpjün edilýändigini” habar berdi.

Bu aralykda, 5-nji dekabrda Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň 18,6 manatdan birden 17,3 manada arzanlandygyny, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanyň resmi mediasy ýurtda emele gelen azyk gytçylygy we gymmatçylygy barada ilat köpçüligine maglumat bermän gelýär. Muňa derek, “bazarlarda azyk bolçulygynyň üpjün edilendigi” barada makalalar çap edilýär we reportažlar görkezilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG