Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saparmyrat Nyýazowyň käbir maşgala agzalarynyň nemes kompaniýasy bilen ilteşigi aýan edilýär


Öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň aýaly Muza we ogly Myrat

28-nji noýabrda Germaniýada çap edilýän Der Tagesspiegel gazeti Türkmenistanyň ilkinji prezidenti merhum Saparmyrat Nyýazowyň yzda galan maşgala agzalarynyň Berlinde ýerleşýän Trockland Group atly gozgalmaýan emläk kompaniýasyna bolan gatnaşygyny jemgyýetçilige aýan etdi.

Nyýazowyň yzynda galan aýalynyň, onuň gyzynyň, gyz agtygynyň we giýewisi Wladimir Sokolowyň Trockland Group kompaniýasynda paýlary bar. Şol bir wagtyň özünde Sokolow firmanyň baş maliýeçisidir. Bular barada Der Tagesspiegel habar berýär.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Orsýetiň VTB Capital sermaýa bankynyň ozalky baş dolandyrjysy Sokolow Trocklanda ilkibaşda işewür hökmünde özbaşdak maýa goýýardy, ýöne 2014-nji ýylda ol kompaniýa bilen doly hyzmatdaşlyga karar berýär.

Trockland Group Berliniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan Checkpoint Charlie, ýagny Çarliý barlag nokadynyň alkymynda göz öňünde tutýan bina gurluşyk işleri bilen metbugatyň ünsüni çekýär.

Der Tagesspiegeliň habarynda aýdylmagyna görä, Nyýazowyň yzynda galan aýaly Muza Nyýazowanyň "Trockland XI Charlie GmbH" atly kompaniýada paýy bar. Ony oňa giýewisi Wladimir Sokolow sowgat edipdir.

Ondan ozal Muza Nyýazowanyň “Paragon Apartments” atly ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyny ýerine ýetiren kompaniýada hem paýy bar ekeni.

“Trocklandyň esaslandyryjysy Nataniel (Nathaniel) Sokolowy kompaniýanyň “möhüm diregi” atlandyrýar. Onuň gaýyn atasy - prezident Nyýazow gaza baý döwleti on ýyldan gowrak wagt dolandyrdy. Hökümete degişli bolmadyk guramalar ony dünýäde iň bir korrumpirlenenenleriň hatarynda hasaplaýar” diýip, Der Tagesspiegel ýazýar.

“Ekssentrik Nyýazow üzňe ýurtda kaşaň döwran sürüp, azat metbugaty gadagan etdi, režime garşy gidenleri yzarlady. Onuň gyzynyň "Trockland VI Klosterstrasse 62" kompaniýasy bilen ilteşigi bar” diýip, makala dowam edýär.

Maglumata görä, Nyýazowyň gyzy Irina bilen Wladimir Sokolow hem-de Ýekaterina Sokolowa Londonda şol bir adresde ýazgyda dur. Öz gezeginde Ýekaterinanyň “Trockland VII Herzbergstraße” (Hertzbergstraşe) kompaniýasynda paýy bar. Onuň paýyna ozal Muza Nyýazowa eýeçilik edýärdi.

“Resmi maglumatlara görä, Nyýazowyň yzynda galan aýaly Muza Nyýazowa Moskwada ýaşaýar. Orsýetli çeşmeleriň habar bermegine görä, ol Nyýazowyň ölüminden ozal ondan aýry ýaşap başlady” diýip, habarda bellenýär.

Onda aýdylmagyna görä, häzirki wagtda kompaniýanyň dünýäniň iň köp syýahatçy çekýän ýerleriniň birinde - birwagtlar Günbataryň demokratiýany goran ýeri bolan Checkpoint Charlie, ýagny Çarliý barlag nokadynda täze binalaryň gurluşygyna eýe bolmak islegi hem-de dünýäniň iň özboluşly despotlarynyň biriniň giýewisi Sokolowyň ondaky ujypsyz paýy çekişme döredýär.

Checkpoint Charlie Sowuk urşy döwründe gündogar Berlin bilen günbatar Berlini iki bölýän Berlin diwarynda ýerleşýän barlag nokadydy.

Trockland Group kompaniýasynyň Çarliý barlag nokadynda göz öňünde tutýan proýektleri iki sany ýaşaýyş toplumynyň, bir muzeýiň hem-de bir oteliň gurluşygyny öz içine alýar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylda aradan çykdy. Onuň ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe halkara hukuk toparlary ýurtda adam hukuklarynyň kemsidilýändigini ýiti tankyt edipdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG