Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telewideniýede guralýan “toba sahnalaryna” nähili garaýarsyňyz?


Türkmen TW-sinde görkezilen kanun bozujylar. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde ýene bir gezek hukuk goraýjylaryň wideokamerasynyň öňünde özüni ýazgarýan, jenaýat edendigini aýdyp, özüne garşy görkezme berýän we toba edýän raýatlar görkezildi.

Bu gezek toba edenler, Baş kanunda adam mertbesiniň iň ýokary tutulýan zatdygyna garamazdan, kameranyň öňünde gözýaş edip aglaýan, ejiz adamlar hökmünde görkezildi.

Türkmen telewideniýesi aglap 'toba edýän' erkekleri görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Türkmen mediasynyň 1-nji dekabrdaky maglumatlaryna görä, bu raýatlar gadagan edilen neşe maddalaryny satmakda, galp dollar söwdasyna baş goşmakda aýyplanýar. Emma olaryň nähili ýagdaýda we haçan tussag edilendigi, sud seljerişliginiň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmýar.

Nobatdaky “toba” Türkmenistanda azyk gytçylygynyň ýitileşýän, paýtagtda çörek nobatlarynyň döreýän wagtyna gabat geldi we ýerli synçylaryň käbiri onuň ilaty gorkuzamak üçin gurnalan sahnadygyny öňe sürýär.

Hukuk goraýjylar Türkmenistanda sudlaryň garaşsyz däldigini, jenaýatda aýyplanýan raýatlaryň kanun esasyna özüni goramak mümkinçilikleriniň azdygyny, aklawçylaryň öz işlerini kanun esasynda berjaý edip, aýyplanýanyň delilleri ýa şikaýaty hakynda metbugata maglumat berip bilmeýändigini aýdyp gelýärler.

Şeýle ýagdaýda, aýyplanýan raýatlaryň hukuk goraýjylaryň kamerasynyň öňünde özüne garşy beren görkezmesi geljekde çykaryljak jeza höküminiň esasyny düzýär. Emma kanunda raýatyň özüne, öz garyndaşyna garşy beren görkezmesiniň ýuridiki güýjüniň bolmaly däldigi bellenilýär. Bu häkimiýetleriň kanuny bozýandygyny aňladýar diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Eýsem, Siz bu tobalaryň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dowam etmegine nähili garaýarsyňyz? Olar, dogrudanam, il abadançylygyna hyzmat edýärmi?

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG