Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň raketa synaglaryny maslahat edýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň geçiren soňky raketa synagy barada ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat eder. Birleşen Ştatlar we beýleki ýaranlar synagyň Geňeşiň üç ýyl mundan ozal kabul edilen kararnamasyna ters gelýän bolmagy mümkin diýýärler.

4-nji dekabrda geçýän duşuşyk Eýranyň raketa programmalary sebäpli aladalaryň barha artýan mahalynda bolýar.

Fransiýa geçen hepdäniň aýagynda geçirilen synagy “öjükdiriji we durnuksyzlaşdyryjy” diýip häsiýetlendirip, onuň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde kabul edilen 2231 belgili kararnama “laýyk” gelmeýändigini aýtdy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Hunt hem synagy “öjükdiriji, howp abandyryjy” atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, synag kararnama “çapraz” gelýär, Londonyň synaglaryň “bes edilmegi” baradaky tutumy üýtgewsiz.

Eýran raketa programmasynyň goranyş häsiýetlidigini we atom raketalarynyň arsenalyny gurmaga niýetlenilmeýändigini aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň Eýran baradaky ýörite wekili Braýn Hook (Brian Hook) 3-nji dekabrda programmany “çynlakaý we barha ýokarlanýan howp” atlandyryp, Ýewropa Bileleşigini Eýranyň garşysyna täze sanksiýalar girizmäge çagyrdy.

Ondan öň ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo ballistik raketalaryň köp sanly atom bombasyny götermäge we Ýewropanyň käbir böleklerine, şeýle-de tutuş Ýakyn Gündogara zarba urmaga ukyplydygyny aýdypdy.

Maý aýynda Birleşen Ştatlar 2015-nji ýyla degişli ýadro geleşiginden çekilip, Tährana garşy sanksiýalary gaýtadan girizjekdigini aýdypdy we Waşingtonyň ýewropaly ýaranlaryny gaharlandyrypdy.

Bu aralykda, Eýranyň prezidenti Hassan Rohani deňziň üsti bilen söwda edilýän nebitiň üçden birine golaýy üçin geçelge bolan Hormuz aýlagyny ýapmak barada ýene haýbat atdy.

Eýranyň döwlet telewideniýesi 4-nji dekabrda Rohana salgylanyp, “eger biri, Birleşen Ştatlar Eýranyň nebit [eksportynyň] öňüni alsa, onda Pars aýlagyndan hiç bir nebit eksport edilmez” diýdi.

Rohani şeýle hem Birleşen Ştatlar Eýranyň öz çig nebitini eksportirlemeginiň öňüni alyp bilmez diýdi.

Amerikan prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary dünýäniň güýçli döwletleri bilen Eýran arasynda baglaşylan ýadro geleşiginden çykaryp, özüniň Tähranyň nebit eksportynyň öňüni almak barada iş alyp barjakdygyny aýdanda-da Rohani Hormuzy baglajakdygyny aýdyp haýbat atypdy.

Rohaniniň aýlagy böwetlemek baradaky haýbatyny Eýranyň general Kasym Soleýmany ýaly berk tutumly resmileri oňat garşy aldylar. Soleýmany Yslam rewolýusiýa sakçylaryna degişli Kods güýçleriniň harby ýolbaşçysydyr.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG