Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen telewideniýesi uçdantutma aglap 'toba edýän' erkekleri görkezdi


Türkmen TW-sinde görkezilen kanun bozujylar. Arhiw suraty.

1-nji dekabrda türkmen döwlet telewideniýesinde aglap, jenaýat edendigini boýun alyp, özüne garşy görkezme berýän we indi bu hili işe baş goşmajagyna ynandyrmaga çalyşýan birnäçe raýat görkezildi.

Telehabardan görnüşine görä, neşe maddalary we galp dollar söwdasy bilen baglylykda tutulandygy aýdylýan adamlar baradaky habar Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 aýda edilen işlere bagyşlanan mejlisiniň iň anyk we “täsirli” bölegi boldy.

Türkmen telewideniýesi aglap 'toba edýän' erkekleri görkezdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:35 0:00

Bellemeli ýeri, neşe maddalarynyň söwdasyna baş goşandygy aýdylýanlaryň ählisi ýaş adamlar bolup durýar.

1984-nji ýyldan doglan, 5 çaganyň kakasy Öwezmyrat Bekberdiýew özüniň “tramadol neşe serişdesine baş goşandygyny” aýtsa, 1977-nji ýylda doglan Nurmyrat Aşyrow “tramadol narkotik serişdesini satmakçy bolandygyny” boýun alýar.

1979-njy ýylda doglan Mämmedow hem “tirýek we tramadol derman serişdesini satmakçy bolandygyny” tassyklaýar.

1987-nji ýylda doglan Mustafa Madatow hem wideokameranyň öüňnde “tirýek we tramadol serişdesini satmakçy bolandygyny” boýun alýar.

1981-nji ýylda doglan Kadyrguly Usaýew diňe neşe maddalaryny satmakçy bolandygyny aýtmak bilen çäklenýär, ýagny haýsy neşe maddlaryny satmakçy bolandygyny anyklaşdyrmaýar.

Özünden öňki toba edenlerden tapawutlylykda, telekeçilik bilen meşgullanan Hasanow (1983-njiýylda doglan) iş sapary bilen daşary ýurda gidende, galp dollar getirendigini we olary satmakçy bolanda saklanandygyny gürrüň berýär.

Jenaýatda tutulandygy aýdylýan raýatlaryň Aşgabat şäheriniň, Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylarydygy habar berilýär.

Emma olaryň haçan we nähili ýagdaýda tussag edilendigi, nirede we haçan sud edilendigi, kazylaryň jenaýatda aýyplanýan adamlar babatynda nähili hökümleri çykarandygy aýdyň bolman galýar.

Türkmen telewideniýesiniň içeri işler ministri Isgender Mulikowyň şenbe güni geçirilen döwlet howpsuzlyk geňeşinde aýdan sözlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, bu raýatlar “kanuny bozup, jenaýat edenlerinde ele salyndy we olaryň eden işlerine görä jenaýat işleri alnyp barylýar”.

Bu sözlerden çen tutulsa, günäsini boýun alyp, wideokameranyň öňünde toba eden adamlar heniz sud edilmändir.

Ýerli synçylar bu hili "mejbury tobalaryň" türkmen kanunçylygyna sygmaýandygyny belleýärler.

Türkmenistanda kanuny bozandygy aýdylýan adamlaryň wideokameranyň öňünde özlerine garşy görkezme bermegi, toba etmegi täzelik däl.

Mysal üçin, geçen ýylyň maý aýynda korrupsiýa garşy göreş yglan edilenden soň, türkmen döwlet telewideniýesi jenaýat edendigini boýun alýan onlarça adamy görkezdi. Elbetde, olaryň içinde iki-ýeke gözüne ýaş aýlaýanlary hem bardy.

Emma 1-nji dekabrda efire berlen “tobaly” reportažda, öňki ýyllardakydan tapawutlylykda, toba edýän erkek adamlaryň ählisi sojap, gözýaş edip aglaýar.

Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly žurnalist döwlet telewideniýesinde berilýän tobalaryň indi “has kän gözýaşly” bolmagyna garaşylýandygyny, sebäbi media ýolbaşçylaryndan has “döredijilikli işlemegiň” talap edilýändigini aýtdy.

Gynançly ýeri, döwlet senzurasy jenaýatda tutulýanlaryň sanynyň azalmazlygynyň düýp sebäbiniň ýurtdaky işsizlik, bilim ulgamynyň çökmegi bilen baglydygyny aýtmaga rugsat bermeýär” diýip, 67 ýaşly aşgabatly žurnalistAzatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu habardan soň “jemgyýetde neşekeşlige asla orun bolmaly däldigini” aýdyp, bu ugurdaky düzgün bozmalara garşy mundan beýläk hem berk göreşmegi tabşyrdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda neşekeşlik we neşe söwdasy giň ýaýrady we Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende neşekeşligiň türkmen halkynyň geljegine uly howp salýandygyny boýun aldy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG